Ajaýyp agzybirlik
Adam aýtdy:
"1980-nji ýyllaryň aýagydy. Gazetde işleýärdim. Çet etraplaryň birine iş saparyna iberdiler. Oba adamlarynyň durmuşy, kynçylyklary barada makala ýazmalydym. Etrap ýolbaşçylarynyň biri çaýa çagyryp, saçak başynda menden: "Ýazyjylar nämäniň üstünde oňuşmaýar, ýaşuly 'şulary oňuşdyryp bilsem, ykdysady mesele kyn däl' diýýär-le?" diýip sorady. Men oňa döredijilik adamlarynyň dürli pikir-garaýyşly bolýandygyny, olary bir galyba salyp bolmaýandygyny düşündirjek boldum. Emma ol "uruş ýok, galmagal ýok, asmanymyz arassa, gurjak ýaly ýurdumyz bar, oňşup, agzybirje işleseler bolmaýarmy?' diýip, ýene soragyny gaýtalady. Men söz zaýalamagyň peýdasyzdygyna düşünip, temany üýtgetdim. Soň, dogrudanam, onuň diýýän ýaşulusy döredijilik adamlaryny oňuşdyrdy, agzybir işlär ýaly etdi ýa-da bir galyba saldy. Galyba girmedikler ýa gabra girdi, ýa gaçyp çykdy. Emma ykdysady meseleler çözülmedi, beter çigişdi. Wagtal-wagtal şol etrap resmisi ýadyma düşüp, ol diri bolsa, bedew bady bilen ösýän ýurtda döredijilik wekilleriniň agzybirlikde çekýän janaýamazakly zähmetinden we ykdysady meseleleriň dil ýetirip bolmajak derejede üstünlikli çözülişinden razymyka diýen sorag dilime gelýär. Ýa pahyr, gabrynda ters öwrülip, ahyram ýatyp bilmän, dik oturmaly boldumyka?"