Surat

Mekgejöwen hasaby

Adam aýtdy:

"Oglanlykda, agşamlyk tigirli kolhoz işinden gelýärkäk sowlup, mekgejöwen ogurlardyk we oba ýetmän bir ýerde oturyp, ot ýakyp, oda gorsap iýerdik. Taryh mugallymymyz 'kolhoz maly kimiňki – kim işlese, şonuňky' diýerdi. Soň onuň içende bu nakyly biraz ýütgedip, 'kolhoz maly kimiňki – kim ogurlasa, şonuňky' diýýänini eşitdik. Biziň mekgejöwen meýlisimiz onuň iki teoriýasyna-da gabat gelýärdi. Ýa ýadaw, aç bolanymyzdan, ýa topragyndan, suwundan we howasyndan, şol iýen mekgejöwenlerimiň tagamy şindi hem agzymda duran ýaly. Arada aýalymyň çagalara arzanlanda birini 15 krondan alýan mekgejöwenlerinden dadyp gördüm, ne tagam bar, ne tagsyr. Eger mekgejöwen hasabyndan hasaplamaly bolsa, meniň gowy günlerim geçen eken-ow diýdim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024