Esasy zerurlyk
Adam aýtdy:
"Internet bir gowy zat boldy, il içinde ýüreginiň ähli garalygyny çykaryp, çepden-sagdan şyltak atýanlar bolmasa, ilim-gün diýip, öleniňi, galanyňy hem biljek däl. Bir kinoda eşidipdim, adamlara gözleriň çykaryp berseňem, kör diýip, yzyňdan gürrüň ederler. Ilkiler muňa düşünmezdim, indi düşünýärin: köp adama durmuşlarynyň gowulanmagy, ölenlerinde ýagşy at ýa-da çagalary üçin gowurak şertli dünýä galdyrmak möhüm däl, kimdir birlerini kiçeldýän gep-gürrüň möhüm. Şonda olar öz pesliklerini unudyp, jogapkärçilik duýgularynyň döşünden itip, biraz ynjalýarlar."