Surat

Bileniňi etmek meselesi

Adam aýtdy:

"Iwan Neumywakiniň pikiriçe, adamlar aslynda 280 ýyla çenli ýaşap bilmeli: 'Uzak ýaşamagyň syrlary iýýän-içýän zatlaryň, edýän pikirleriň we fiziki hereketiň bilen bagly. Gowulyga, haýyr işe ynan, sagdyn pikir, ýagşy niýet ömrüňi uzaldýar; gara pikirler, gorky-howatyr, açgözlük, bahyllyk, öýke, duşmançylyk, öz-özüňe nebsagryjylyk, ýakymsyz duýgular ömrüňi iýýär; dawa-jenjel edýän adamlar siziň energiýaňyza göz dikýär, olar size 'agyz salyp', az wagtlygam bolsa, özlerinde ýetmeýän güýji dikeldýärler, islendik ýagdaýda özüňize erk etmegi öwreniň, köp mesele öz-özünden çözüler. Beýik Magtymgulynyň 'Ýagşy tutatwergil niýetiň-päliň', 'Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr' diýen setirlerinden çen tutsaň, uzak ýaşamagyň syrlaryny biziň ata-babalarymyz hem bilipdirler. Ýöne gep diňe bilmekde däl, bileniňi etmegi öwrenmekde bolsa gerek."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024