Ezijiler bilen ezilýänleriň şertnamasy
Adam aýtdy:
"Siňe seretseň, adamlary içgin tanasaň, olaryň içinde dine, hudaýa, o dünýä, jennete ýa dowzaha ynanýan gaty az, hususan-da dini biznes edinenleriň içinde dine garanda pula ynanýan has kän. Ýogsa, din sebäpli näçe uruşlar boldy, näçe gan döküldi, adamlary kast edeniň pes boljagyna ynandyrjak bolup, nijeme kitap ýazyldy, sungat eseri döredildi, beýik-beýik binalar guruldy. Emma adamlar ogry-jümri, hiç bir talantsyz, nadan hökümeti ýykyp bolmajagyna, olaryň biri ölse, ýene ikisiniň geljegine köplenç örän berk ynanýarlar we eger biri haksyzlyga, ezijilere garşy baş galdyrsa, kömek bermekden geçen, onuň syýyndan asylyşýarlar, 'barybir hiç zat edip bilmersiň, bolmaz, başartmaz bular, tanky, türmesi bar, gazet-žurnal elinde, belasyny alla bermese, adamdan peýda bolmaz, alla goý!' diýip, akyl berýärler ýa-da se sessiz tomaşaça öwrülýärler. Eger hak iş üçin göreşýän işden kowulsa, tutulsa, töhmet bilen türmä basylsa ýa öldürilse, 'ana, nätdi?' diýip, bolmanda içden ýylgyrýarlar. Käte-käte halky özüniň şeýle güýçsüzdigine kim, nädip we haçan ynandyrdyka diýip oýlanýarsyň. Birleri bu işde bolşewikleri, kommunistleri, kgbçileri, soňky 60 ýylda hukuk ugrundan okanlary we işlänleri günäkärleýär. Beýlekileri adamlar kommunistleriň ýetmedik ýerinde hem şeýle, hiç kim töwekgellik etjek däl, hemme kişä taýyn aş gerek, ýöne bu bolmasa, adamlar üçin iň esasy zat özlerini aklamak, olar şonda, nähili gara bolsalar-da, pes iş etseler-de, aňsat köşeşýär diýýär. Belki, bu aýdylýanlaryň ikisiniň hem jany bardyr. Ýöne meniň pikirimçe, adam özüni özüniň hiç kimdigine, elinden hiç bir gelmejegini ynandyrmak islese, bu meselede oňa kän kömekçi gerek däl. Elbetde, diýdimzor hökümet, terrorçy döwlet ony bu agyr ýagdaýda ýeke goýmaýar, näçe diýse kömek berýär. Diýmek, eziji bilen ezilýäniň arasynda sessiz ylalaşyk baglaşylýar, olar biriniň beýlekini ezmeginiň, beýlekisiniň bolsa ähli zada çydamagynyň hatyrasyna özara gürleşmezden, araçy hem tutman, berk şertnama baglaşýarlar."