Aşgabatdaky bagtyrýarlyk
Adam aýtdy:
"Suw üçünji gata zordan çykýar, bir adam tualete girip çyksa, ikinji adam üçin pes bolýar. Howa gaty yssy. Myhman gelse, ýagdaý has agyrlaşýar. Myhmanam ýa hassadyr, ýa başga bir işi bardyr. Sen bolsaň, hem günäkär, hem hyzmatkär, çaýyna-suwuna seretmeli, edep saklap, hüňürdilerini ýa zeýrençlerini diňlemeli. Ozallar, sowet döwründe gelenler 'sadagasy bolaýyn, doň etden bişirilen nahary iýseň, agzyň hiç tagam duýmaz, kagyz çeýnän ýaly bolarsyň, ketekde saklanan towugyň ýumurtgasynyň sarysy sara meňzänok' diýip, özleri obada diňe täze et iýip, jennetde ýaşaýan ýaly gürrüň ederdiler. Indi bir zat berseň kaýyl. Ýöne barybir soň, bolmanda 'tualetiň porsusyna bogulyp otyrlar' diýip, oba baryp, müň gürrüň ederler, gülen bolarlar. Şol porsyny köpeltmäge kömekleşdim diýmezler. Emma ýüz otdan yssydyr, diliňi dişlärsiň. Sebäbi gönüläp bir zat diýseň, 'şähere gidip, ata-baba däp-dessury, myhmanparazlygy unudan' adam bolarsyň. Indi myhmanlar esasan hökümetden zeýrenýärler. Hatda käbiri döwletden aýlyk alýanlaryň tas hemmesiniň 'kezzapdygyny ýa hudaýsyzdygyny' hem bilýär. Emma çykyp ýa baryp, aýtmaly ýerine aýdaly diýseň, 'ýok, hökümete zat diýip bolmaz, soň yzyňa düşüp ýörse nätjek?' diýýärler. Netijede, sen darajyk we suwsuz jaýyňda, gelen myhmanlaryň basymrak giderine garaşyp, çagalaryň bilen, yssy tomsy porsa boglup geçirmelisiň. Ýöne ol jaýa-da ölüp ýetensiň, köp adam şol suwsyz jaýa hem zar bolup, 2-3 maşgala bolup, bir maşgalanyň 3 otagly jaýynda ýaşaýarka, sen özüňi bagtly hasaplamalysyň!"