Iň ýykgynçylykly ýalan
Adam aýtdy:
"Çyn aýakgabyny geýýänçä, ýalan dünýäniň ýarysyny aýlanyp çykar diýýärler. Bu internet asyryndan, hatda radio, telefon adaty zada öwrülmezinden hem kän öň aýdylan söz. Ýöne internet asyry ýalan üçin has netijeli boldy, sebäbi ol indi çyn entek köwşüni geýmegiň pikirini etmänkä dünýäni birnäçe gezek aýlanyp çykýar. Iň erbet ýeri, ýalan bar, ýalan bar. Olaryň käbiri jemgyýeti birki däl, onlarça ýyllap yzyna çekip bilýär. Mysal üçin, birleri jemgyýetdäki deňsizlikden, adalatsyzlykdan, häkimiýetleriň eden-etdiliginden, bikanunçylyklardan ýadap, halys bizar bolup, ahyrynda özümiz bir zat etmesek boljak däl-ow diýip, öz mertebesini goramagyň pikirini edip başlanda, bir ýerden 'diktator näsagmyş, agyr hassamyş', ýa ony maşgalasy bilen zäherläpdirler, ölüm ýassygynda ýatyr, ýa saglygy gowy hem bolsa, ýurtda açlyk bolup, iki-üç aýdan gaçjakmyş' diýen ýaly myş-myş gürrüňler ýaýradylýar. Bu gürrüňleri adamlar çala eşiden çatma, gaty eşiden öý ýykar diýlenini edip ýa-da ýürekden şeýle bolmagyny isläp, özlerinden tapyp, arzuw-hyýal esasynda toslap tapýar we ýaýradýar diýýärler. Bilmedim, haýsysy dogry? Emma bu ýalanlaryň adalatsyzlyga garşy göreşmek pikirini edip başlan adamlary ýene garaşmaga, diýmek, diktatura garşy göreşiň soňa goýulmagyna, gijikdirilmegine itekleýändigini welin bilýärin. Sebäbi akyly ýerinde, ýitirere zady bar adamlar, ganhor režimleriň adamlary nädip goýun kökeren ýaly kökerenine düşünýän ynsan keýpine töwekgellik etmeýär, garaşanyny gowy görýär. Megerem şundan, töwekgel ner bol, endişe maýa diýipdirler. Ýöne garaşyp, şu gün çözülmeli meseleleri ertire, ogul-gyzyna goýan adamlar bagtly bolmaýar, dünýäden razy bolup gitmeýär. Diýmek, zalymyň haý diýmän ýykyljagy, öljegi ýa gaçjagy barada ýaýradylýan gep-gürrüňler, aňyrsynda biraz jany baram bolsa, jemgyýetiň peýdasyna däl, zyýanyna bolup çykýar. Has anygy, islendik ýalan, hususan-da adalatyň göreşsiz, tötänden, bir zalymyň ölmegi ýa gaçmagy bilen dabaralanjakdygy baradaky ýalanlar dünýäden armanly gidýän adamlaryň köpelmegine hyzmat edýär."