Magtymguly, owal özüň düzetgil
Adam aýtdy:
"Geň galýaryn, onlarça ýyllap bir ýa iki adamy gara donly etdiler, ýaňsyladylar, ýazgardylar, halkyň, beýleki adamlaryň, intelligentsiýa wekilleriniň ýa daýhanlaryň, maldarlaryň öz ykbalyna jogapkärçiliksizligini bolsa düýpden görmezlige saldylar. Indi iki-ýeke bu bolan işlere halkyň jogapkärdigini aýtjak bolýan bar. Has beteri, indi beýle ýagdaýdaky halka hiç kimiň, hatda iň umyt edilýän allanyň-da kömek edip bilmejekdigini aýdyp başladylar. Bu, belki, halkyň özüni tanamagy, özüni düzetjek bolmagy üçin ýakylan ýa ýanmaly bolan ýaşyl çyra bolar. Magtymgulynyň ajap eýýama garaşyşy ýaly, garaşmakdan netije ýok, ajap eýýamy özüň getirmeli, ýurdy we onda ýaşaýan adamlaryň durmuş şertlerini gygyryp, bagyryp, başgalary günäkärläp däl, belki-de, ilki özüňden başlap, Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, özüňi düzedip düzetmeli."