Netijesiz hökümetiň uzak saklanmagynyň esasy sebäbi
Adam aýtdy:
"Hökümeti tankyt etseň, hökümet başyndakylar seni susdurmak ýa dymdyryp bilmese, fiziki ýa ruhy taýdan maýyp-müjrüp, biabraý etmek üçin her zat eder, bu düşnükli. Ýöne bu hak-hukuk diýip ýola çykanyň çekmeli derdiniň ýarysy eken. Hökümet bilen dikleşip tanalsaň, çalarak tanalan hökümet garşydaşlarynyň ýa atsyz-sorsuz busup oturanlaryň içinde-de bir topar duşman gazanýan ekeniň. Has anygy, ýaş başyňa gazanan uly ýa kiçijik at-abraýyň seniň öňüňde ýigrenç, bahyllyk haýatyny gurýar. Ol haýatyň arkasyndakylar seni başarsa, namart we hapa batan hökümetden beter namartlap kiçeltjek we ýok etjek. Bu derdi çekmän bilip bolmaýar we şu aralykda taryhy kitaplary okan ýaly, özüni onlarça ýyllap biabraý eden hökümetleriň ýa hökümet başlyklarynyň ynanylmaz derejede uzak saklanyp bilmeginiň esasy bir sebäbine düşünip galýarsyň."