Surat

Ýalňyşdyrýan adamlar

Adam aýtdy:

"Ilden utanarsyň, hudaýdan gorkarsyň, dile gelen sözleriňi, diýmeli ýerinde hem diýmän, aýtman saklanarsyň, sebäbi isläniňi aýtsaň, ýene we ýene islemedigiňi eşidersiň. Emma bahyl, bihaýa adamlar, dogan bolsun, dost ýa kärdeş bolsun, ne ilden utanar, ne hudaýdan gorkar, diýmedigiňçe batyrlanar, üstüňe geler. Beýle adamlar bilen deň bolmak kyn. Gowusy - ara açmak, daşrakda durmak, ýa öňüňden çyksa, ýol gyrasynda gögeren we egilip geçmeseň, şahasy gözüňe dürtüljek, papagyňy gaçyrjak baglar ýaly, olardan sowlup geçmeseň, hökman ýalňyşarsyň."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024