Köp garaşylan pursat

Adam aýtdy:

"Köp adam umyt bilen garaşdy: ilçilikdir, gerçek ärler bardyr, üsti basyrylgy ýatandyr, bir gün ýerlerinden galarlar, ýüzlerini açarlar! Diýişleri ýaly boldy: gerçekler bar eken, olar bir ýerlerde wagtyna, sagadyna garaşyp ýatan ekenler, ahyry şeýle pursat geldi, olar silkinip turdy we ýüzlerini, ýüreklerini açdy. Haýp, ne ýüzleri, ne ýürekleri öňküleriňkiden gowy eken. Adamlar gaty lapykeç boldy. Indi olaryň özlerinden başga daýanara, umyt edere gerçek ärleri galmady."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024