Progres
Adam aýtdy:
"Başga ýurtlarda ýurist diýmegiň başga birnäçe manysy bolsa-da, biziň ilde diňe bir – parahor manysy bar. Hukuk fakultetine okuwa girýänleriň 99%-i parahorlaryň çagalary we para almagy arzuw edýär. Elbetde, duza gaçan şor bolar, olaryň içine düşene diňe gynanmak galýar. Ýöne bir ýuristi bilýärin. Onuň atasy bolşewikdi, adam atmak çep elinden gelýärdi. Kakasy žurnalist boldy, bütin dünýäde ýoksullaryň diktaturasyny gurmak üçin göreşip, soň ahyrynda öz dogduk watanynda diktatura gurup, öz gazan çukuryna gaçdy. Indi biziň ýuristimiz adam hukuklary, türmede diri ýitenleriň aklanmagy ugrunda tagalla edýär, korrupsiýa garşy göreşýär."