Ýörite gulluklaryň tapawudy
Adam aýtdy:
"Manasbek Sultanow gyrgyzlaryň kontrrazwedkasy bilen mongollaryň kontrrazwedkasyny deňeşdirýär: 'Biziňkiler türk ýörite gulluklarynyň gyrgyz raýaty Orhan Inandyny nädip ogurlandyklaryny hem aňşyrman galdy; mongol kontrrazwedkasy bolsa, Ulan Batordaky türk magaryfçysyny ogurlajak bolan adamlaryň ählisini bada-bat ele saldy. Netijede, ele düşen türk agentleriniň ýigrimisi sorag edildi, olar wideokameranyň öňünde Türkiýäniň daşarky aňtaw gullugynyň bütin dünýä boýunça alyp barýan işleri hakynda gymmatly maglumatlary berdiler. Mongol razwedkasy türk agentleriniň adam ogurlamak üçin uçup gelmegini ykbalyň beren peşgeşi hasaplady, mugallymyň ogurlanmagyna kömek berjek bolan ýerli raýatlary uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.' Ýöne gyrgyz halky ýörite gulluklaryň işgärlerinden ganymat bolup çykdy, olar ogurlanan türk mugallymy üçin proteste çykyp, häkimiýetlerden onuň yzyna getirilmegini talap edýär. Biziň ýagdaýymyz has agyr, sebäbi biziň kontrrazwedkamyz baryp 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri ýurt talamaga, garyp halky soýmaga gelen daşary ýurt iş adamlaryna we olaryň hökümetdäki iş şäriklerine iň ygrarly kömekçi boldy; talaňçylyga garşy bolanlary tussag edip, olary aç-hor, sowukda we yssyda saklap, 'ertir çagalaryň barada erbet habar almajak bolsaň, biziň ýazyp beren görkezmämimizi wideo kameranyň öňünde oka, özüňi garala, bizi bolsa akja jüýje et, ýogsa aýlygymyzdan kesilýäris' diýip, öz aňtawçylyk işlerinde ganhor bolşewikleriň däplerini dowam etdirip, 'iň ýokary derejelere' çykdylar. Dogry, olaryň içinde soň öz gazan çukuryna düşen, öz ýakan oduna bişen adamlar hem boldy, ýöne bu dowzaha öwrülen ýurduň ýagdaýyny ýeňletmeýär."