Kim beter?
Adam aýtdy:
"Ömür tanamajak, bilmejek adamlaryňy hem tanap, bilip oturmaly döwür boldy. Arada oglanlar geldi-de, näme gep barka diýip, bile internete girdik. Öňümizden ilki çykan wideoda biri başga birlerinden käýinýär, 'binamys', 'biheppe' diýip, agzyna gelenini diýýär. Sesimizi çykarman, ýigrimi minut çemesi diňledik. Ahyry oglanlaryň biri çydamady: 'Bäh, beýlekiler şu gürleýändenem betermikä-raý?' diýdi."