Çukura gaçan halkyň ahwaly
Adam aýtdy:
"Ýurtda durmuş agyrlaşdygyça, öňki ezijini küýseýän köpelýär. Ýogsa, bu günki döwlet talaňynyň düýbüni tutan, bu günki hökümet terrorynyň esasyny goýan şoldy. Arada biri onuň dürli döwürlerdäki resmi wideolaryny jemläp, sosial mediada paýlaşypdyr. Pahyr, gideniň gelmegini isleýär! Emma wideolardaky bolşuny synlasaň, onuň halky gülüp-oýnap, arasynda aglap, nähili aňsat aldandygy, milletiň bu günki syýasy-ykdysady çukura el çarpyp, ezijä alkyş aýdyp girendigi gözüňe dürtülip dur. Ýöne adamlar göresi gelýän zadyny görýär, olara häzir öňki ezijini görmek gerek däl, häzirkilere onuň nähili 'sylanýandygyny' we 'küýselýändigini' görkezmek gerek. Sebäbi olaryň güni öň biraz gowudy, indi erbet. Adam güni erbet bolanda, ýa geçmişden, ýa geljekden teselli gözleýär. Sebäbi bu şu günki etmeli zatlaryňy pikir edeniňden aňsat görünýär. Emma bularyň üçüsi hem wagt ýitirmekden, özüňi aldamakdan başga zat däl."