Milli açyş
Adam aýtdy:
"Elim böwşeňleşse, sosial mediadaky gürrüňlerini diňleýärin, ildeşlerim ahyry bir açyş edipdirler, 'ozal hakyny talap edýänlere arzaçy, ýazyjy, kazýol diýip sögýärdik, emma olar öz haklaryny talap edip, biziň hem mertebämizi goraýan eken, hakykatda kazýol biz ekenik, muňa indi düşünýäris' diýýärler. Bu gepi eşidip, hem gülkim tutdy, hem aglasym geldi. Sebäbi olara bu açyş üçin otuz ýyllap ezilmek, basgylanmak, okuwsyz, işsiz galmak we ahyrynda ýurtdan çykyp, ýat illerde mysapyrlyk çekmek bolupdyr. Şu aralykda-da olaryň 80-90 prosenti ýa fiziki, ýa ruhy hassalykdan, ýa-da ol hassalyklaryň birden bir toparyndan ejir çekýär. Ýöne olaryň köpüsi bu açyşyň manysyna düşünmeýär. Bu ýagdaý maňa Ýewropada ýaş üstünden ölýän aýallaryň köpüsiniň lukmanlardan ýa kömekçi aýallardan geçen wiruslardan ölýändigini aýdýanlara ynanman, ýene birnäçe asyr aýallaryň ölmegine ýol beren adamlary ýatladýar. Olar şonda diňe lukmanlaryň we çaga dogurmaga kömekleşýän aýallaryň ellerini gowy ýuwmagyny, üst-başyny tämizlemegini talap edipdirler. Biziňkilere bolsa, bu ýagdaýdan çykmak üçin, megerem, ýüreklerini tämizlemek gerek bolar."