Azaşan adamlar
Adam aýtdy:
"Robert Kennedi 'eger kanunlar işlemese, her bir raýatyň prokuror bolmaga haky bar' diýipdir. Biziň halkymyz bu käriň nähili düşewüntlidigini kommunistleriň arkasyndan irräk, kän wagt ýitirmän öwrendi we ony bir-birini talamakda, türmä basmakda, maşgalalary bozmakda üstünlikli ulandy we ulanýar. Ýöne ozal bu ugra esasan pul üçin ýykgyn edilen bolsa, internet asyrynda pulsuz işleýän, döwlet garalawçysy wezipesini mugt ýerine ýetirýän, ýetirjek hem köpeldi. Ilki munuň sebäbi, Bobbiniň aýdyşy ýaly, dogrudanam, kanunlaryň işlemezligindemikä diýýärdim. Emma indi biraz başgaça pikir edýärin: kanunlaryň işlemezligi, ejiz, goragsyz adamlaryň-da, güýçlüleriň-de talanmagy, türmeden geçirilmegi, ýurduň gelejeginiň ogurlanmagy köp adamy gyzyklandyrmaýar ýa gaýgy-alada goýmaýar. Muny diýýänimiň sebäbi, eger aýlyksyz we parasyz prokuror bolýanlar dogrudanam ýurduň düşen ýagdaýyndan ünjä galýan bolsady, onda olar bolýan zatlary öz ady bilen atlandyryp, diňe netijäni ýanjap oňman, bu ýere getiren sebäpleri yzarlajak bolardylar. Emma olar muny etmän, ýa başarman, belli zatlary gaýtalap, esasan ýüzleý garalawçylyk, nadaralyk bilen meşgullanýarlar. Bu, megerem, meseläniň gowşagrak hem bolsa çözgüdi däl, ony has çuňlaşdyrmak, wagt ýitirmek, adamlary ýalňyş ugra kowmak, has beter azaşdyrmak bolsa gerek."