Biz nämeden gorkmaly?
Adam aýtdy:
"Çagalykdan uniwersiteti gutarýançak telewizorda köplenç uruşly kinolary we Leonid Iliçi görerk... Ak-gara telewizorda uçaryň basgançagyndan düşüp gelýän Birinji sekretary görüp, goňşymyz Aýsoltan ejäniň 'Brežnew jan sag bolsun, dünýäni uruşdan saklap dur' diýýäni şu günki ýaly ýadymda. Uly adamlardan köplenç 'uruş bolmasyn, uruş bolmasa bolýar' diýen sözi eşiderdik. Indi seredip otursak, ol wagt sowet halklary diýilýäni el bilen gyrgyna beren urşuň gutaranyna ýäňy ýigrimi ýyl çemesi wagt geçen eken. Ýöne indi bilýäris, Stalinem, Brežnewem köşkde bahana tapsa, içişlik gurapdyr. Uly eşekden kiçi eşek... diýleni. Şeýdip, ýurt içgä ýatypdyr. Uniwersiteti gutaryp, işläp başladygam welin, ilki Brežnew, soň Çernenko, Andropow dagy tirkeşip öldi we Gorbaçýew gelip, aragy ýok etjek boldy, emma arak bolşewikleriň gan bilen guran terror döwletini ýok etdi. O wagtlar biz soňky boljak zatlary, Saparyň intelligentsiýany içirip, halky garyplykda saklajak bolup etjek tilki pirimlerini, soňky 'uly toýlary' pikir edip hem biljek däldik. Sebäbi gowy görüp okan şahyrymyz Gurbannazar Ezisowdy. Onuň 'güýçlüler aglasa, ägä bolmaly, güýçli ýöne ýere aglaýan däldir' diýen ýaly setirlerini okap, özümizçe many aljak bolýardyk, ýöne özümiz ýokduk, kemela gelmändik, sebäbi ne içerki dünýä, ne daşarky dünýä düşünýärdik, olary bize düşündirip biljek hem ýokdy. Sebäbi, aýdaly, edil biz ýaly, hiç kim güýçlüleriň kimdigini, nirede ýaşaýandygyny ýa näme ýazandygyny, nämäniň agysyny aglandygyny bilmeýärdi. Bu barada men Jorj Orwel, Oldos Haksli barada ilki eşidemde däl, Nil Postmanyň olary deňeşdirip aýdan sözlerini okanymdan soň azajyk pikir etjek boldum. Postman aýtmyşlaýyn, Orweliň gorkan, howatyr eden adamlary kitaby gadagan etjekler bolan bolsa, Haksli kitaplary gadagan etmek üçin hiç bir zerurlygyň galmazlygyndan, sebäbi hiç kimiň hiç bir kitap okamak islemezliginden gorkupdyr. Orwel bizi maglumatdan mahrum etjeklerden gorkan bolsa, Haksli has kän zat berip, bizi passiw hem-de egoist mähellä öwürjeklerden gorkupdyr. Orwel hakykatyň bizden ýaşyrylmagyndan gorkan bolsa, Haksli hakykatyň ähmiýetsizlik derňzinde gark edilmeginden gorkupdyr. Orwel biziň erksizlik medeniýetine öwrülmegimizden gorkan bolsa, Haksli biziň boş, bimany medeniýete öwrülmegimizden... gorkupdyr... Orwel "1984" eserinde adamlaryň agyrtmak, ynjytmak bilen gözegçilige alynjakdygyny aýdan bolsa, Haksli "Gorkusyz täze dünýäde" adamlaryň hoşwgatlyk, keýp bilen gözegçilige alynjakdygyny aýdypdyr. Gysgaça aýdylanda, Orwel bizi gorkýan zatlarymyzyň weýran eder diýip gorkan bolsa, Haksli bizi öz isleýän zatlarymyzyň weýran etmeginden gorkupdyr. Bu Nil Postmanyň pikiri, elbetde."