Bitler we adamlar
Adam aýtdy:
"Bite gahar edip, ýorganyňy otlama" diýýärler. Bu nakyl barada hiç wagt edil häzirkim ýaly agyr pikir etmändim. Sebäbi bitden, büreden kän kösençlik çekmändim. Emma indi bu nakyly döreden adamlaryň ýagdaýyny göz öňüne getirjek bolýaryn. Ýöne bit, büre kösençligini görüp däl, diplomly, birnäçe dil bilýän ildeşlerimi görüp, olar bilen işleşjek bolup... Bu kiçijik we açgöz, ol boluşlaryna ne özlerini, ne başgany tanaýan, ýöne özlerine gaty uly baha berýän adamlar bilen bir iş etjek däl, diňe salam-heligi saklajak bolsaňam, ýorganyňy däl, bütin dünýäni otlamaga taýýar bolarsyň."