Post-sowet ýesirligi
Adam aýtdy:
"Dan Gan diýen biriniň Orsýet, şol sanda onuň töweregindäki betbagtçylyklar hakynda aýdan sözi ýüregime jüňk boldy. Ol Orsýetde aýylganç bir seçgi boldy diýýär. 'Ilki ak goşun we intelligentsiýa gitdi/öldürildi, soňra pikir edýänleri we dogruçyllary repressiýa etdiler/öldürdiler, ondan soň garymlardan ilki çykan batyr, ýürekli adamlar wepat boldy, soň ýene-de repressiýa/atuwlar gaýtalandy, soň durgunlygyň ahlaksyzlygy geldi, ýene iň gowularyň immigrasiýa tolkunlary gaýtalandy... aşakda galany adam satanlaryň we howpsuzlyk işgärleriniň, şarikowlaryň aman galan hem-de ornaşan nesilleri... Orsýetdäki häkimiýet bolsa olaryň anyk şöhlelenmesi, göçürmesi, matrisasy'. Dogrudanam, atasy, kakasy adam satan, adam öldüren howpsuzlyk işgäri bolan adamlar bizi haçana çenli ýesirlikde saklar?"