Salgyt oýny
Adam aýtdy:
"Sosial mediada biri käýinipdir: Men öz aýlygymdan tölemeli bolan ähli salgydymy töleýärin. Girdeji salgydy töleýärin. Soňra satuw salgytlaryny, aksiz salgytlaryny, goşulan baha üçin salgydy we ş.m. töleýärin. Ýaşaýan jaýym we oturýan ýerim üçin, awtoulagym üçin hem salgyt töleýärin. Erteki gün men ölsem, çagalarym menden galan mirasa eýe bolsa, bireýýäm salgydy tölenen zatlar üçin täzeden, ýene bir gezek salgyt tölemeli bolýarlar. Pahyr, gijem bolsa düşünipdir. Döwlet diýilýäniň manysy şu, ol garypdan, işleýän adamlardan almaly bolanda hemişe iki paýly, garyba bermeli bolanda gaty namart bolýar. Ýöne bu oýun döwlet ärleri, olaryň ýakynlary bilen oýnalmaýar, olary hemişe sylaýarlar, gorap saklaýarlar we azdyrýarlar."