Tankytçy bolçulygy
Adam aýtdy:
"Etseňem nälet, etmeseňem nälet diýenleri. Bir ene şäher merkezine baryp, öýünden elten gaty çöregini owradyp, kepderilere seçip durmuş, geçip barýan erkek bolsa oňa: 'Afrikada çagajyklar açlykdan ölýär, sen bärde guşlara çörek berýäň' diýip igenýärmiş. Garry ene oňa: 'Men başaranymy edýän, bu ýerden Afrika çörek zyňyp, ýetirip bilemok' diýipdir. Biziňkem şoň ýaly, başaranymyzy etjek bolýarys, hiç zat başarmaýan, başaranyny hem etmejek, hatda gatan çöregini çykaryp, guşlara hem bermejek tankytçymyz welin, gynansak-da, birem bolsa, gaty kän görünýär."