Yssy ýurtdaky sowuk medeniýet

Adam aýtdy:

"Obadan habar aldym, gaty yssymyş, adamlar iç döküşmesin diýip, şäherlerdäki fontanlaryň hem suwuny kesipdirler. Ejem pahyr tomsuna düýeçalsyz oňamok diýerdi, başarsa her ýyl ýaş köşekli düýe saklardy, küýzede çal tutardy. Oglanlykdan ir turup, düýe sagýan ejeme kömekleşerdim... Dogrusy, yssy howanyň sapaklaryny on-on iki ýaşlarymda meýdanda özleşdirdim. Ilkiler, kiçiräkkäk gowaça ýekelemäge, otamaga giderdik. Soň suwçynyň, traktorçynyň kömekçisi bolduk. Kakajan Sapar diýip, gowy brigadirimiz bardy. Agaç-tagta getirdip, kümeçiligiň ýanynda, daýhanlaryň günortana çykýan ýerinde, suwly ýabyň üstünden iki sany tapçan gurdurypdy. Birinde erkekler, beýlekisinde aýal-gyzlar günortanyň yssysynda, aşagyndan suw geçýän tapçanda oturyp, çaý-çörek edinerdi, yssy gowşaýança gyşaryp, birsellem dynç alardy. Bir gün birgat (brigadir) Meret kakaňa kömekleş, şu gün suw tutjak kartasy gaty gowy tekizlenmändir, köp bajaw çekmeli boljak diýdi. Özümden uly pilimi alyp,Meret kakamyň yzyna düşdüm. Dogrudanam, suwuň aňsat çykmaýan beýik ýeri-de, suwuň aňsat gaçýan pes ýeri-de kändi, kän bajaw çekmeli boldy, çeken bajawlaryňy galdyryp, berk durmasaň, suw böwüsse, bar azabyň biderek bolýardy. Halys boldum. Sagat 12 boldy, günortana çykdyk. Korzinkamda iki sany ýumurtga, çaýçorba ediner aýly gowurdak, iki sany pomidor we çörek, atymlyk çaý we duz bardy. Merkezde, tapçanlaryň ýanynda güp gaýnansoň, ýanymda çaý gaýnadar ýaly tüňçäm ýokdy. Ýöne Meret kakamyň mis tüňçesi ikimize-de ýeter diýip pikir edýärdim we ol gamyş çatmanyň kölegesinde dem-dynç alýança çöpleme çöpläp, derrew çaý gaýnatdym. Meret kakam gaýnan tüňçäni tutawaç bilen tutup aldy-da, çaý atyp, üstüni basyryp, bir gyrada goýdy: 'Demini alsyn, men içemsoň, saňa-da tüňçäni bererin' diýdi. Meret kakamyň keseki biri däl, öz inisi bilen hem bir tüňçe çaýy paýlaşmajagyna diňe şondan soň düşündim we korzinkamy alyp, 'men onda çaýy güpden içip gelerin' diýip, ýüzüňi ýakyp barýan epgegiň içinde iki-üç kilometrlikdäki merkeze gaýtdym. Meret kakam 'gitme, ýadarsyň' diýmedi. Soň, student ýyllarymda, tomsuň yssysyndan gaçyp, Gökjeden gelen Ata daýym bilen gije, Tejenden Aşgabada barýan otla mündük. Bilet ýokdy, konduktor bilen gürleşip münüpdik we ol küpä gelip, puluny soraýardy. Daýyma garaşyp durman, ýaşkiçilik edip, jübimden pul çykaryp, derrew hasaplaşyp dyndym. Daýym 'näçe berdiň?' diýip sorady. Adam başyna bäş manat aldy diýdim. 'Heý, bäş manat bererlermi oňa' diýip, daýym gaharlandy, ýöne ne konduktoryň ýanyna baryp, nyrhy täzeden gürleşjek boldy, ne-de meniň bilen hasaplaşjak boldy. Şodurda-da-şol, yssy howa diýseler, hiç wagt öz inileriniň ýa ýegenleriniň özleri hakynda näme pikir etjegini hem pikir edip bilmejek adamlar, tomsuň yssysynda üşeden sowuklyk ýadyma düşýär. Pahyrlar, ýatan ýerleri ýagty bolsun, ýaş başymyzdan durmuş sapagyny berdiler, milletimizi tanamagy öwretdiler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024