Uzak ýaşan erteki

Adam aýtdy:

"Bu erteki 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, 90-njy ýyllaryň başynda başlandy. Arazbaý Öräýew diýip biri bardy, prezidentiň geňeşçisi bolup işleýärdi. Günde-günaşa ýa hepdede bir gezek köşkden metbugat öýüne gelip, redaksiýalarda işleýän žurnalistlere Sapar Ataýewiçiň ykdysady meseleleri 'gül edip' çözjekdigini, ýurduň tebigy baýlyklarynyň oňa örän uly mümkinçilik berýändigini, biziň Orsýetden beýleki post-sowet ýurtlary bilen deňeşdirilende juda baýdygymyzy aýdyp, söz, metbugat, pikir aýtmak azatlygy ýaly zatlar üçin howlukmazlygy, iş bilýän döwlet adamsyna bil baglamagy... maslahat bererdi. Elbetde, bu maslahata gulak asmasaň, ilki işiňi ýitirmek, soň başga ýerlerden çykmak howpy abanýardy. Bir gezek ol nobatdaky wagyzlaryny edip, çykyp gitdi welin, törde oturan ýaşuly žurnalist başyny ýaýkap: 'Biziň iň okumyş, fantast ýazyjymyzyň gelen ýeri şu, ol o taýda bizi hem alyp galjak bolýar' diýdi. Ine, indi şol iň baý post-sowet ýurtlarynyň – Türkmenistan bilen Orsýetiň halyna serediň. Ýöne şindem söz azatlygy bilen halkyň garnyny çörekden doýurmarsyň, iş bilýän döwlet adamlary gürrüňi galanok. Sebäbi ýurdy, halky talajak döwlet ärleriniň iň gorkýan zady aýdyňlyk, olar ili kör, ker we lal etmek üçin eli galamly adamlary ýok etmelidigine, soň halkda hiç bir çäre bolmajagyna gowy düşünýärler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024