Ýigrenjiň sebäbi

Adam aýtdy:

"Biziň halkymyz näme üçin žurnalistleri, ýazyjy-şahyrlary ýigrenýär, bilýärmiň? Bu sowet döwründe-de şeýledi. Belki-de basylyp alnan, mertebesi basgylanan, gabawda we gorkuda saklanan halk, mekdep gutarsa-da, ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny alsa-da, esasan dar çygyrda ýaşaýar, uzak wagtlap öz kiçijik bähbitleriniň guly bolup galýar. Sowet döwründe köp okaýan, düşünjek bolýan, üznüksiz ýol gözleýän, eline galam alan, ýokarky edaralara ýüz tutup, adalatsyzlyk hasaplan zatlarynyň üstünden arz eden uly adamlary, etrap gazetine goşgy, habar ýazyp başlan mekdep okuwçylaryny hem ýigrenýän adamlary köp gördüm. Bu hili adamlara gyýa göz bilen garap, ýeňsesinden 'arzaçy', 'okyjy', 'ýazyjy' diýen ýaly gürrüň ederdiler, gülen bolardylar. Munuň sebäbi, meniň pikirimçe, halkyň diňe sowatsyzlygyndan hem däl. Olar köplenç döwlet adamlarynyň edýän ters işlerine ol ýa-da beýleki derejede dahylly bolýar. Uly ýa kiçi, hiç tapawudy ýok, egrilik eden hemişe gorkup ýaşaýar. Ol gorky tutulmak, basylmak, işden aýrylmak ünjüsi bilen bagly. Ýöne bu meseleleri hemişe tanyş-biliş, para-peşgeş bilen, aşaklykdan gürleşip, ýerinde çözüp bolýar. Meseläniň çatak ýeri eli galamly 'kezzaplar', olar başga zat edip bilmese-de, ýazyp ýa bilýän zadyny gürläp, başardygyndan 'masgara' edýär. Ýa bolmasa, müýnli adamlar olary öz aýyplaryny ol ýa-da beýleki derejede biler öýdüp, öňünden, mugtuna ýa nesýe ýigrenýärler. Şunuň üçin olar žurnalistler urlup-ýenjilse, türmä basylsa ýa işden kowlup, gadagan edilse, gaty begenýär. Käbiri bu begenjini daşyna hem çykarýar: 'aýtmadymmy, dek gezmelidiň, jikgeren bolup, dünýäni düzederin öýtdüňmi, ilden akyllymy sen?' diýip, öňünden çyksa, entedilen, bili omrulan žurnaliste gyjalat hem berýär. Esasy köplük içden begenip, özüniň dymyp ýaşanyna, mamladygyna guwanýar. Netijede, ýaşlygynda hakykat ýa ýazmak höwesi bilen eline galam alanlaryň köpüsi uzak gitmän propagandaça, wagyzça, ýaranjaňa, ogry şärigine, metbugaty ulanyp, halka, onuň gelejegine kast edýän jenaýatça öwrülýär. Bu ýagdaýa sebäp bolan halkyň, köplügiň ogullary bolsa, okuwsyz, işsiz, aç-hor galyp, ahyrynda bir gün internete ýetse, ilki bilen žurnaliste, tanamaýan adamlaryna dil uzatjak, şyltak atjak bolýar. Sebäbi olar ady çykan, ol ýa-da beýleki derejede ýaralanan, gutulan, emma galamyny gaçyrmadyk adamlardan aýyp tapyp bilseler, ýa olary şz problemalary üçin günäkär, jogapkär edip görkezip bilseler, öz içlerindäki ata-baba boşluga bir zatlar taşlap, çeken zyýanlarynyň öwezine kompensasiýa alan ýaly bolýarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024