Döwlet jenaýatçylygy
Adam aýtdy:
"Moskwa şäher kazyýetiniň kazysy Sergeý Gruzdew 28-nji maýda 2019-njy ýylyň tomsunda "Meduzanyň" ýörite habarçysy Iwan Golunowyň ýanyndan öz goýan neşe serişdesini tapan bäş polisiýa işgärine höküm çykardy. Elbetde, olar häzir öňki polisiýa işgäri. Kazyýet ozalky operatatiw işgärler Roman Feofanowy, Akbar Sergaliýewi, Denis Konowalowy, Maksim Umetbaýewi we olaryň başlygy Igor Lýahowetsi günäli tapdy. Döwlet prokuraturasy olara ýedi ýyldan 16 ýyla çenli iş kesilmegini sorady, ýöne birneme az ýyl berildi: Lýahowets 12 ýyl azatlykdan mahrum edildi; Sergaliýew, Feofanow we Umetbaýew - sekiz; günäsini boýun alan we derňew işine kömek eden Konowalow bäş ýyl aldy. Elbetde, kärdeşleri we jemgyýet azajyk goldaw berse, bu käte hakykaty ýazjak bolýan žurnalistleriň töhmetden gutulyp, olara töhmet atanlaryň tutulyp biljekdigini görkezýär. Eger biziň ýurdumyzda-da bir gün şular ýaly sud seljermesi geçirilse, soňky otuz ýylda öz senedine we halka kast eden näçe polisiýa işgärini, olaryň başlyklaryny, kazylary, prokurorlary türmä basmaly bolar? Ýöne bu bizde bolmaz, sebäbi halk iş ýüzünde özüni basgylaýan hukuk goraýjylaryň tarapynda, hakykaty ýazýanlaryň tarapynda däl. Bu Orsýetde-de seýrek, tötänden bolan waka. Sebäbi bu ýurtda 1917-nji ýyldan bäri edilen millionlarça jenaýat, häkimiýetler tarapyndan edilen kast edişlikler, olara gatnaşan adamlar köpçülikleýin derňelmeýär. Bizem şol jenaýatçylyklaryň, dowam edýän döwlet terrorynyň pidasy we bu girdapdan çykmak, bilmedim welin, gaty kyn bolar."