Ýurtdaky ýagdaý
Adam aýtdy:
"Ýekaterinburgyň öňki häkimi Ýewgeniý Roýzman rus mekdeplerini tamamlan ýaşlara ýurtdan gitmegi maslahat beripdir. Öň ol okuwçylary diňe öz güýçlerine daýanmaga çagyryp, 'ýurt şeýle, özüň etmeseň, hiç kim etmez; biziň problemalarymyzda, hala şahsy derejede, hala-da ýurt möçberinde, biziň özümizden başga günäkär ýok; size bu durmuşda hiç kim bergili däl; muňa näçe ir düşünseňiz, durmuşda üstünlik gazanmak mümkinçiligiňiz şonça-da köp bolar' diýipdi. Indi ol Orsýetde 'gapylaryň ýapylýandygyny' aýdyp, orsýetli uçurymlaryň ýurtdan gitmegini maslahat berýär. Aýdylmagyna görä, 2017-nji ýylda Orsýetden 10,6 million adam gidipdir, bu ýurduň ilatynyň 7%-ne golaý bolýar. Orsýetde ýagdaý şeýle bolsa, bizde nähilidir öýdýärsiň? Biziňkileriň hem gidenleri getirjek, gapylary ýapjak bolmagynyň sebäbi şu ýerde bolmaly. Bu günlere-de geljek ekenik."