Adamyň seçgisi

Adam aýtdy:

"Arada okadym, biri adamlar seniň özlerine bolan gatnaşygyň üýtgändigini bilerler, ýöne muňa öz boluşlarynyň sebäp bolandygyny bilmezler diýipdir. Dogry aýdylan söz. Adam köplenç deň bolmaýyn, sanaşmaýyn, wagt ýitirmäýin, agzymy ajytmaýyn... diýip dymýar we şol aralykda bir topar adamy depesine çykaranyny duýman galýar. Elbetde, depä çykan adamlaryň özünden bilip ýa düşünip, ol ýerden düşmek niýetleri ýok. Üstesine, olar hapa aýakgaplaryny hem döşüňe süpürýärler. Ýöne dymmasaňam gowulyk ýok, ömrüň goh-galmagala, gowga gaplanýar. Aýdylyşy ýaly, dogry sözliň dosty ýok ýa-da dogry sözlüni dokuz obadan kowarlar. Ýok, bu geçmişde bolupdyr, indi zalymlaryň eli has uzyn, dogry sözlüni dokuz ýurtdan kowup, onunjy ýurtda yzyndan baryp, zäherläp öldürip hem bolýar. Onda näme etmeli? Doly dymmak bilen ýüregiňdäkini belli bir derejede aýtmagyň arasynda, öz pikiriňi bildirer ýaly, altyn ortalyk ýokmy? Meger, bu her kimiň özbaşdak çözmeli meselesi. Çözýärlerem. Ýaşaýan ýurduna baglylykda, köp adam depesine näçe bolsa-da, hapa aýakgaply, ýüregi gara adamlary çykaryp, çydap ýaşamagy saýlap alýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024