Hudaýyň gorkýan ýeri
Adam aýtdy:
"Hudaýa ynanasyň gelse ynan, ynam gowy zat, umyt gowy zat. Hudaýyň her hili bela-beterlerden, göze görünýän we görünmeýän aldajy dertlerden gorajagyna-da ynan, sebäbi hiç hili kanunyň, kadanyň ýok ýerinde, adamyň däl, häkimiýetiň, puluň sylanýan ýurdunda mydama gypjyn-gypjyn, gara gorkuda ýaşamak kyn bolar. Ýöne hudaý betniýet, betpäl adamlardan gorar ýa gorap biler öýdüp, hiç wagt arkaýyn bolma. Sebäbi hudaýyň beýle adamlara ne erki ýetýär, ne-de ygtyýary. Has anygy, hudaýyň özi erbet adamlardan gorkup ýaşaýar, olaryň özüni hem erbetlige sokmagyndan alada galýar. Näme üçin diýseň, erbet adamlar ýokanç kesel ýaly bir zat bolup, hudaý hem hassa edýärmiş."