Adam bolmak kynçylygy
Adam aýtdy:
"Ilki bir daşary ýurtly tanşym 'sen näme üçin öz halkyň medeniýetinden dörän zulum-süteme garşy göreşýäň, mundan näme netije bolsun?' diýende gaty gördüm. Soň bir ildeşim 'biziň derdimiz tire-taýpa agzalalygy, asyrlap millet bolup bilmedik tirelerde nireden umumy bähbitleriň daşyndan birleşmek ukyby bolup biler?' diýende gynandym. Soň bir kärdeşim 'biz tire-taýpa milleti hem däl, sebäbi öz tire-taýpamyzyň hem abadançylygyny, ertirki gününi pikir edip bilemzok, eger muny pikir etjek bolsak, ilki öz tiredeşleriňden, ýakyn garyndaşlaryňdan gorkmaly. Olar beýleki tireleriň wekilleri bilen birleşip, seni ýok edýär, sebäbi özüne wezipe ýa abraý bäsdeşi hasaplaýar' diýende gynandym. 'Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy?' diýip, öňem bir halypa köp gaýtalardy. Onuň nämeden ýananyna indi düşünýärin. Golaýda bolsa biri, gaty gaharlanyp: 'biz adam hem däl, bu gidişde öz jana-jan peýdasyna düşünjegem gaty azalar' diýende gynandym. Ol Türkiýä gelen işsiz, hünärsiz garyndaşlaryna 'hünär ediniň, bolmanda sürüjili okaň, men okuw puluny bereýin' diýse, 'aý, bu taýda şopurlyk okap, prawa alyp bolmaz' diýip, diýenini etmändirler."