Sorag edýänleriň mirasy
Adam aýtdy:
"Sorag edýänleri tanaýardym, birleriniň atalary bolşewikdi, beýlekileriniň kakalary kommunistdi. Ýöne olar sowet döwründe hukuk bilimini alyp, kommunizmi goraman, men ýaly bozgaklardan demokratiýany goraýardylar. Şu sebäpden men olaryň soraglaryna sorag däl-de, diňe isleýän jogaplaryny bermelidim, özümi garalamalydym we häkimiýetlere özümi asar ýaly inçeden berk ýüplük işmelidim. Dogry, olaryň diýýän zatlary ýapa degmeýärdi, emma mantygyň ornuny manty eýelän wagty ynanyljak gep bilen ynanylmajak gep barada gürrüň etmegiň manysy ýokdy. Eger-de men ýöňkelýän günäleri boýun almasam, beden maýyplygyndan başga, çagalarymy howp astynda goýup, ruhy maýyplyga hem sezewar boljakdym. Olar muny günde diýen ýaly göni we gytaklaýyn ýatladyp durýardylar. Bolşewikler, ýagny atalary barada käbir ýazylmaýan zatlary hem eşidemsoň, men olaryň wezipelerinde galmak we halkyň üstünde ýaşamak üçin hiç zatdan gaýtmajakdygyna ynanýardym... Şükür, häzirlikçe aman galdym. Ýöne öz gazan çukuryna düşenleriň keç ykballary ýüregimi sowatmaýar. Sebäbi olar bu çukura soňky doglan çagalary, belki, indi doguljaklary hem gapgardylar."