Hassanyň hassasy
Adam aýtdy:
"Adam açyk ýalan sözlese we hiç utanmasa, daşyndan synlap, öz ýüzüň gyzarýar. Eger biri ýa birleri hakynda, goý, iň gözden düşen, ýigrenilýän, näletlenýän adam ýa adamlar bolsun, öňe çykyp, hiç ýapa degmejek, hiç bir mantyksyz gürrüň edýän, açyk ýalan sözleýän, gaşyny çytman töhmet atýan, gep-gybat sowurýan adam ýa adamlar ertir islendik adam, seniň özüň ýa ýakynlaryň hakynda hem ýalan sözläp, gep-gybat edip biler. Bu, megerem, uly ýa kiçi ýalan sözleýän, öz islegini, ýaman niýetini hem hakykat hasaplaýan, şol bir wagtda-da oňa gep-gürrüňsiz ynanylmagyny talap edýän, garşy çyksaň däl, hatda sorag berseň-de bagyşlap bilmeýän hassalardan daşrakda durmalydygyny, sebäbi ozalam şeýle hassa ýa hassanyň hassasy zerarly kösenip ýörendigiňi ýatda saklamalydygyny aňladýar."