Surat

Pişik bimazalygy

Adam aýtdy:

"Dilimizi bilse dagy nätjekdikä?' diýýärin. Ikisini ýitiremsoň, özüm pişik saklamok. Emma goňşulardan iki pişik gezekleşip, wagtal-wagtal myhmançylyga gelýär. Biri sypaýy, kän sesi ýok. Emma beýlekisi, agajet, daýaw pişik, eýesi bir ýerlerik gidende ýa daşarda gezip ajyganda bolsa gerek, çyramyzyň ýanýandygyny görse, göni sowlup, gije hem myýawlap geläýýär. Sesi gaty, eşitmän hem bolanok. Ýöne käte bir käse süýt bereňsoň, 'başga zat ýokmy?' diýýän ýaly, myýawlap ýüzüňe seredýär. Biçilen pişiklere kän süýt bermeli däl diýip okansoň, oglum bir käseden artyk süýt bermegi gadagan etdi. Başga naharlary bolsa, bu ýerdäki (Ýewropa) pişikler kän iýmeýär. Olaryň eýelerini tanamasaň, iýýän naharlaryny hem bilip bolanok. Üstesine, internetde 'meniň pişigimi naharlamaň, goňşulara aýlanyp, dokam bolsa, özüne üns berdirjek bolýar' diýip ýazýanlar bar. Düýn agşamam şol daýaw pişik gelip, süýt beremizsoňam myýawlap, 'barymy şu?' diýýän ýaly, utandyryp gitdi. Yzyndan hüňürdedim: 'gapymda seň üçin göleli sygyr saklaýynmy, gündiz dükandan süýt almagy ýadymdan çykaran bolsam nätjekdiň? Häzir pandemiýa, her gün dükana hem gidilenok' diýdim. Aýalym pişiklere bir zat diýseň, kän halamaýar: 'Adam diline düşünmeýäni ýa başga birlerinden gep eşitmeýän gowy zat, ýogsa yzyna gelip, ownuk, gutaran adam ekeniň-aý, bir käse süýt berip, şoňam gürrüňini edýäň diýerdi' diýdi. Hawa-da, gürrüň etseň, ownuk, gutaran adam bolýarsyň. Ýöne gürrüň etmän hem bolanok. Sebäbi hala haýwan, hala ynsan, hemme diýenini ýa islegini etjek bolsaň, deregiňi dargatjak, özüňden özüňe zat goýjak däl. Ýöne gowy ýeri, goňşy pişikler gezekleşip gelýär we kän ýadatman gaýdýar. Internet ulanyp, hat ýazyp, ar aljak ýa keýpine agyrtjak bolup hem azar edinmeýärler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024