Gorkmaly adamlar
Adam aýtdy:
"Derýanyň golaýynda, suwuň boýunda önüp-ösemsoň, gark bolmagyň, gark bolanyň halas etmegiň nämedigini azajygam bolsa bilýärin. Elbetde, muny obamyzda başga-da bilýän kändi. Gark bolany halas edeňde, özüňden daşrak tutgun, esasan boýnuňy bermegin, janajygyna bogar, gark bolan çepiksije oglan bolsa-da, eli demir ýalydyr, munça güýji nireden tapýarka diýersiň, bir boýnuňa gol salsa, aňsat aýryp bilmersiň, özi bilen gark eder diýerdiler. Soň suwda däl, durmuş derýasynda gark bolýan kän adamy gördüm. Olaryň arasynda ýakynlarym-da, ýatlar-da bardy. Millet aljyranda, näme edýänini bilmeýär. Halas etmek, gol uzatmak kyndy. Sebäbi durmuş derýasy özüňi hem basyp-basmarlap, aljyradyp barýardy. Ýöne käte el uzatman hem bolmaýar. Şonda gark bolýanyň janajygynamy ýa özi ýaly, ýa keýpine ýigrenýän bir adamy tarapyndan halas ediljek bolmagyna çydaman, ýüzüni çytyp, kemsinmekden ýa bahyllykdan nähili agyr ýagdaýa düşýänini gördüm. Hudaý adama paýhas beripdir, ýöne garganda akylyny alarmyş. Adamyň bahyllygy, içki terslikleri özünden, hatda öz jana-jan bähbitlerinden, maşgalasynyň, çagalarynyň geljeginden üstün çykanda, gark bolýan adamy halas etjek bolmak, hatda oňa uzakdan gol uzatmak hem howply bir zada öwrülýän eken. Ýöne gowy ýeri, käbirleri ýigrenjini öňünden bildirip, golaýyna barmaly däldigini wagtynda duýdurýar. Emma mysapyrsyrap, kömek alyp, soň arkaňdan urýanlardan, aşyňa awy gatýanlardan welin gaty gorkmaly."