Agzaçar tejribesi

Adam aýtdy:

"Gaýyn atamyň ýogalan güni on ýylda birinji gezek Oraza aýyna düşdi, agzaçara köp adam geldi, zordan nahar äberip ýetişdik. Ozallar adamlar günüň dowamynda üzlem-saplam gelensoň, beýle zat bolmaýardy. Ýöne meni geň galdyran başga zat. Öňünden gerek zatlarymy az-azdan satyn alyp, işden soň howla daşadym. Köçämiziň çetinde howlusynyň daşyna çykyp oturýan garry daýza bolsa her gezek awtobusdan düşüp, deňinden geçemde saklap, alyp gelýän zatlarym bilen gyzyklanýar. 'Muny näçeden aldyň, ony nämä aldyň?' diýip, her gün ýeke-ýeke soraýar. Başga ýerden gideýin diýsem, elim goşly has uzak boljak. Pahyr, iki ogly neşekeş boldy, adamsy ýogaldy, ýüregi gysýandyr, näme etjegini bilýän däldir diýip, özümi köşeşdirdim. Neşekeşlik ýyllarynda, kiçi ogly azarlap, pensiýa puluny soranda bermändir welin, bedre bilen urup, kakasynyň kellesini ýaraýypdyr diýip eşidipdim... Agzaçardan iki-üç gün soň ýene awtobusdan düşüp, şol garry daýzanyň deňinden geçdim. Ol ýene saklady we agzaçarda hemme zadyň gowy, bol bolandygyny, agyz açyp, hezil edendigini gürrüň berdi, ýöne ol ýerde beýleki gelinleriň hemmesi bolsa-da, näçe gün agzaçar üçin zat daşan gelni, ýagny 'meni görmändigini' aýtdy. Dilime geldi, tas 'meni çagyrmadylar, öýkeläp atasy öýüme gitdim' diýipdim. Ýöne beý diýsem, onuň ne oýna, ne-de çyna düşünjegini, iň ýamany bolsa, bu gepiň derrew şähere we golaýdaky obalara ýaýrajagyny ýadyma salyp, dilimi dişledim. 'Baran bolsaň, görensiň-ä, agzaçarda hemme kişi bir wagtda gelýär, ýetişip bolýarmy näme, men gazanyň başyndan aýrylyp bilmedim, nahar guýdum' diýdim. Pahyr zordan 'hä, şeýlemi?' diýip, meniň jogabymy göwünsiz kabul etdi. Men ozal, her gezek bazardan alan zatlarymy görüp, bahalaryny soraýan wagtynda onuň göwnünde näme bardygyny bilmeýärdim, ýöne şondan soň bildim. Belki, bu dünýäde durmuşyny özüne görä guran, öz üstünde işlän adamlardan däl-de, bütin ömri utulyş bolan, göwni gara we ilden nähilem bolsa bir kemçilik tapyp, özüne teselli gözleýän adamlardan gorkmaly bolmasyn?' diýip oýlandym."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024