Özüň bolup galmagyň jezasy

Adam aýtdy:

"Ozal okapdym, ýöne unudypdyryn, bu naçar baradaky maglumaty gazak doganym Nurlan Saltaýew paýlaşdy. Başgyr gyzy Kisýambike Baýrýasowa 1739-njy ýylyň 30-njy aprelinde rus imperiýasynyň häkimiýetleriniň hökümi bilen dirilgine oda berildi. Idel-Ural türkleriniň köp sanly azat ediş gozgalaňlary basylyp ýatyrylansoň, erkekleri jezalandyryp öldürdiler, aýallary we çagalary bolsa, gulçulykdan gaçyp gutulmaz ýaly, zor bilen çokundyryp, haçparaz etdiler. Kataý wolostynda ýesir alnan başgyr naçary Kisýambike Baýrýasowa Ýekaterinburga getirilip, krepostnoý ýazyjy we terjimeçi Kiriak Kondratowiçe beriedi. Ol ýerli baş ruhanynyň aýaly tarapyndan çokundyryldy we şondan soň Kisýambike adyna derek Katerina ady dakyldy. Ol ilkinji gezek Tatişewiň öýünde ýaşaýan gyz bilen gaçdy. Emma garry aýal tutuldy we gamçy urmak jezasy bilen jezalandyryldy. Kisýambike Ýekaterinburgdan ikinji gezek “dag häkimiýetleriniň” sekretary Iwan Zoriniň “howly aýaly” bilen gaçdy. Kisýambike ýene tutuldy we bu gezek gamçy urmak bilen jezalandyryldy. Şol ýylyň sentýabr aýynda ol ýene, ýüzüni gijä tutup, üçünji gezek gaçdy. Sorag ýazgylaryndan görnüşine görä, gaçgak Iset derýasyndan geçip, obalaryň deňinden aýlanyp, Kataý wolostynda ýerleşýän dogduk obasyna, Sakaoba baryp, ol ýerdäki tanyşlarynda bäş gün ýaşapdyr. Sakaobada onuň ogly Bekçentaý ýaşapdyr, ýöne Kisýambike sorag wagtynda, belki-de ykbalyndan howatyr edip, onuň bilen duşuşandygyny aýtmandyr. Şondan soň Kisýambikäni "wepaly" başgyr ýaşulusy Mandar bilen bir aýdan gowrak bile ýaşaýar. Gulluk edýän başgyrlara "wepaly" diýýärdiler. Gozgalaňçylary bolsa, öz gezeginde, "ogry" diýip hem atlandyrýardylar. Çokundyrylandygyny we gaçandygyny bilip, Mandar oňa Ýekaterinburga dolanmagy maslahat berýär we ugradyş hatyny beriň, özünden daşraga iberýär. Kisýambike Duwan wolostyna baryp, dogany Razge Baýrýasowyň öýünde iki gün myhman bolýar. Bu ýerde ol Mahmut Memedelin tarapyndan tussag edilýär we beýleki "wepaly" başgyrlaryň ugratmagynda Ýekaterinburga iberilýär. Kisýambike "dag häkimiýetleri" tarapyndan "Başgyrlarda ýaşap, olar bilen duz iýip, hrisitança däl-de, olaryň kanunlary esasynda hudaýa çokunmakda" aýyplanýar. 1739-njy ýylyň 8-nji fewralynda çykarylan hökümde onuň üç gezek gaçany üçin diriligine otlamak arkaly jezalandyrylyp öldürilmegi buýrulýar. General Soýmonow şol ýylyň 14-nji martynda bu iş baradaky tassyknama gol çekýär we "çokundyrylan, Katerina adyny alan başgyr zenanyny, üç gezek Başgyrdystana gaçany, hristian kanunlaryny terk edip, musulmançylyga geçeni sebäpli, başgalaryň gözüni gorkuzmak üçin" otlap öldürmegi buýurýar. Dogry, bu zatlary uzak wagtlap gizlin sakladylar. Ýöne olary bilip, dünýäde üýtgeşikligiň nähili kyndygy hakynda ýene bir gezek pikir etmeli bolýarsyň."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024