Gijigen dileg
Adam aýtdy:
"Almaz Ordabaýew öz ömrüniň müňlerçe sagadyny çörek, süňk-saňk, süýt, kartoşka, türsük, bilet we ýene-ýeneler üçin iteleşikli, gyslyşykly we käte mynjyradyp barýan gazaply, gödek nobatlarda geçirendigini aýdýar. Ýöne ol çagalyk ýyllaryndan başlanan nobatlarda ogurlanan ýa ýitirilen kartoçkalary, pullary hakynda aýtmaýar. 'Bularyň bary barypýatan dramady. Näçe okalmadyk kitap, gezilmedik gezelenç galdy, näçe zehin köýdi! Plastinkalaryň, kitaplaryň nobaty bolsa gaty seýrek bolardy. Indi käbirleri meni durmuşa ýeňse tarapyndan seretmekde aýyplaýar. Muňa näme diýip bolar? Siz onuň ýeňse tarapyny görmedik bolsaňyz, bu gowy zat we onuň yzyna gelmeginden hudaý saklasyn' diýip, gazak intellektualy ýazypdyr. Onuň paýlaşan suratyny görüp, 'Wah, bizdäki nobatlary bileňok-da, ol yzyna bireýýäm geldi' diýesim geldi."