Çäre bulan Leýli
Adam aýtdy:
"Çagalar bagyndaky gyzymy beýleki çagalar bilen bilelikde täze açylýan çagalar bagynyň açylyş dabarasyna äkitdiler. Öňünden bir hepde taýýarlandy, goşgy ýat tutdy, ýörite tikilen köýnegini geýip, aýnanyň öňünde repetisiýa geçdi. Ýöne soň... 'Sadige gel, gyzyňy eltýäs, alyp git' diýip jaň etdiler. Işden rugsat alyp, haýdap barsam, gyzymy döwlet emeldarlarynyň biriniň 'Mersedesinde' alyp gelipdirler. Irden bezenip giden çaganyň saçlary bulam-bujar, ýüzi-gözi ýaşmy, sümükmi, çyr-çyrşak. 'Neme boldy?' diýsem, 'Gyzyň çäräni bulady' diýdiler. Irden eltip, çäräniň geçjek ýerinde hatara duruzsalar, möhüm adamlara garaşyp ýadandyr-da, 'meniň bu ýerde durasym gelenok' diýipdir. 'Durmaly' diýipdiler. 'Ýok, durasym gelenok, ejeme jaň ediň, meni alyp gitsin' diýipdir. 'Ejeň işde, gelip bilmez, uly-kiçi diýmän hemmeler dur, bütin ýurt dur, senem durarsyň' diýipdirler. Ilki şumjarypdyr, soň dem-demine ýetmän, uly sesi bilen aglap başlapdyr. 'Boljak däl-ow' diýip, bir gyra çykaryp köşeşdirjek bolupdyrlar, emma bolmansoň, soňam möhüm adamlaryň biriniň awtoulagyny 'karz alypdyrlar'. Şondan bäri gyzymyň adyny öýde 'Çäre bulan' diýip tutýarys."