Soňy gelmedik terror
Adam aýtdy:
"Garramsoň, daş örim adamym pahyryň daş işikde, köçe tarapda 55 ýyl öň ýasan oturgyjy boldy. O gün geçip barýan iki sany adam saklanyp, aýaklarymyň arasynda gysmyljyrap oturan sary pişigi görkezip, 'Daýza, bu pişik siziňkimi?' diýip sorady. 'Ýok, meniňki däl, ýöne güneşe çyksam, şu töwerekde ygyp ýören pişikleriň biri-ikisi gelip, hökman ýanymda oturýar' diýdim. Ikisi iki ýerden: 'Ýok, siziňkidir, siziňkidir' diýdiler. Onda-da düşünmändirin, 'Ýok, meniňki däl, meniň indi pişik saklamaga ýagdaýym ýok' diýdim. Ahyrynda biri gönüledi: 'Daýza, meniňki diýäý-de, ýogsa biz o janaweri öldürmeli bolýarys, biziň işimiz eýesiz it-pişikleri ýok etmek' diýdi. 'Wiý, şeýlemi? Meniňki onda, meniňki' diýdim. 'Ady näme?' diýdiler. 'Wah, haýsy birine at dakjak bulaň, ady ýok' diýdim. 'Onda Moska diýip ýazaýaly?' diýdiler. 'Ýazyň' diýdim. 'Sagbol' aýdyp gitdiler. Menem olaryň yzyndan 'sagbol' aýtdym. '36-njy ýylda doglupdyryn, bir ýyldan tutda-baslyk başlanypdyr. Ömrüm ahyrlanda bolsa it-pişikleri öldürýärler' diýsem, goňşym 'bütin ömrümiz döwlet terrory astynda geçdi-dä' diýdi."