Hakyky arwahlar
Adam aýtdy:
"Kimiň, nirede ýazanyny biljek däl, ýöne okanym ýadymda. Birbada ýadymdan çykypdyr. Okan zatlarymy köplenç tiz unudýaryn, awtoryň ady ýa eseriň ady barada gürrüň hem ýok. Ýöne kä zatlar ýitip, soň birden yzyna gelýär, gaýta-gaýta ýadyma düşýär. Bu-da şeýle boldy. Hakyky arwah hemmeleriň görüp, bilip, tanap bilýän jyny däl diýipdir biri. Onuň pikiriçe, hakyky arwah ýa aýyrha adamlaryň 100-de 95-siniň başyny-gözüni aýlap, özüni pida, ejir çeken ýa göreşiji edip görkezýän we şol 95 prosenti galan, hakyky ýagdaýy görýän we bilýän 5% adamy ýok etmäge öjükdirip bilýän adamlardyr. Diýmek, ähli bela-beter görnüp duran, has ýokarlaryk çykan arwahlarda däl, öz aramyzda pida bolup oýnaýan jynjagazlarda bolmaly."