Surat

Iki bolsa-da kän adamlar

Adam aýtdy:

"1945-nji ýylda esgerler, Buhenwald azat edilenden soň, jezalandyrylyp öldürilen adamlaryň nika ýüzüklerini tapypdyrlar. Ol ýüzükleriň suratyny görüp, pikir etmän bilmeýärsiň. Adamlar gadym döwürlerden bäri basyp alanlara we basylyp alnanlara bölünipdir. Elbetde, käte basylyp alnanlar baş galdyryp, basyp alanlary yzyna hem kowupdyrlar, ýa has güýçlenip, başgalaryň ýurduny, ýerini basyp alyp, aýal-gyzlaryny gyrnak edip, erkeklerini gyryp, güýçli, hökmürowan, ýeňiji hem bolupdyrlar, özlerine 'beýik, beýikleriň beýigi, hanlaryň hany' hem diýipdirler. Ýöne beýiklik ýa güýçli bolmak başgalary ezmek, öldürmek bolsa, adam adam atlandyrylyp bilermi? Bu soragy öz-özüne bermeýän, ýa gönülenip şeýle sorag berlende-de ýüzi gyzarmaýan, üstesine 'beýik ideallar' hakynda uzak-uzak gürrüň edýän, töhmet atýan, gybat edýän adamjyklar, gynansak-da, az däl, belki, gaty kän. Sebäbi olar iki bolsa-da kän bolýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024