Adamlara düşünseň...

Adam aýtdy:

"Biziň hökümetimizde, ýa biziňki ýaly hökümetlerde işleýän adamlar iş başaranok, işlänok diýip bolmaýar. Başarýarlar we gije-gündiz işleýärler. Olar iş başarmasa, işlemese, sähel ýylda daşary ýurt banklaryna millardlarça dollar çykaryp, ogul-gyzlaryna bir topar ýurtda emläk alyp, üstesine daşary ýurtly dostlaryny hem baýadyp bilmezdiler. Muny olaryň daşary ýurtlardaky ogul-gyzlarynyň durmuşyndan hem görüp bilersiňiz. Olaryň käbiri türmede ölüp hem biler, ýöne köpüsi yzynda galanlary hor etmez. Zora zor diýmeli. Dogry, muny görüp bilmeýänler hem bar, hususan-da ozal ogurlygyň gyrasyny görenler, 'waý, men galdym' diýip, gaty kösenýär. Men olara gaty gowy düşünýärin. Eger emel ýetse, olaryň özleriniň hem häzirkiler ýaly işlejegini, halk, hakykat, watan diýilýän zatlaryň derrew on ýedinji orna geçjegini gowy bilýärin. Nätjek, adamyň tebigaty şeýle, bir zat diýer, başga zat eder. Ýöne oňa düşünseň, düşünmedikden gowurak bolýar. Düşünmeseň, aldanyp, ýalňyş umyt edip hem bilýärsiň. Bu bolsa, näme diýseň-de, biraz wagt ýitirmäge, lapykeçlige alyp gelýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024