Söweş gürrüňi
Adam aýtdy:
"Hak iş üçin söweşip, gan dökende bolsaň, öz geçen ýollaryň, ganaýan ýaralaryň hakynda hiç kime gürrüň berme. Sebäbi diňleýänler seniň sesiňi, sözleriňi eşitse-de, aýdylyşy ýaly, köplenç öz düşünjeleri, pikir-oýlary bilen galar. "Men ony etdim, muny etdim' diýip, il öňüne çykyp gürleýänlere, özüni gahryman edýänlere seret, olary diňleýän-de, hä ýa-da gop berýän-de bolup biler, emma ynanýan azdyr. Söze kän wagt ýitime."