Köp adamyň işi

Adam aýtdy:

"KGB türmesiniň daşyndaky hakykat içindäki hakykatdan uzaga gitmez. Ol ýerde bolsa, syýasat sebäpli tutulsaň, iň soňky adamlar seniň çagalaryň agzyndan kesilip getirilen zatlary ogurlar we üstüňden güler. Olaryň başlyklary hem şeýledir. Bir tapawudy, olar kanunlary türme sakçylaryndan gowurak bilýändir, seniň jenaýatçy däldigiňe, hakyky jenaýatçylaryň hukuk goraýjy guramalaryň işgärleridigine, olaryň uly jenaýatçylaryň goragynda durýandygyna aňryýany bilen düşünýändir. Bu ýagdaýy il içine aýlanyp, ýeke-ýeke düşündirip bilmersiň. Düşünjek şeýle-de düşüner, düşünmejek on günläp gulagyna gygyrsaň-da, bir sözüňi eşitmez. Özem hakykaty eşitmejek ýa eşitmedik boljak, kör we ker oýnuny oýnajak juda kändir, köplükdir. Ýöne bu hili adamlar, şert bolsa, bir zatlara bukulyp ýa ýüzlerini görkezmän, internet asyrynda birlerine meçew berip, başgalaryna şyltak atyp, ozalam ýalana çümen jemgyýeti has kän ýalana itekläp biler. Eýsem, bu nämäni aňladýar? Adamlar öz-özleriniň aýnasydyr, olary görjek, tanajak bolsaň, durmuşlaryna, bolup ýörüşlerine seret. Bolany. Muny üýtgetmek bir ýa iki adamyň işi däldir, köp adamyň işidir."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024