Tanajak bolsaň
Adam aýtdy:
"Eline uly wezipe ýa emel düşen, uly ogurlykdan gözi gyzaran emeldarlardan gaty görme, mesligi götermek kyndyr. Ýöne alla, hudaý diýip, halallyk ýa ynsap, iman hakynda gürleýänleri, watan, il-gün diýýänleri, iň ýakynsyraýan dostuňy ýa garyndaşyňy tanajak bolsaň, az-da bolsa, pul karz ber-de göräý. Karz soraýanlar adatça pylan wagta çenli diýer, şonda 'ýok, bolan wagty getir' diýme-de, 'şol diýen wagtyň getirseň bereýin' diý, öňünden berk şert goý. Eger pul alan möhleti dolanda gelip, puluňy getiren bolsa, oňa sag bol aýt-da, şol puly baýrak hökmünde yzyna ber, eger puly bolman, gelip, möhleti biraz yza süýşür diýip haýyş etse,oňa-da sag bol aýt, emma karzyny wagtynda bermese, gelip ýagdaýyny hem aýtmasa, duşanda beren wadasyny ýatlatsaň, utanmagyň deregine üstüňe gygyrsa, o hili adamdan gaç. Sebäbi beýle adamlarda ne iman, ne watanperwerlik, ne başga zat bolar."