KGB-de dile gelmedik jogap
Adam aýtdy:
"Hiç ýadymdan çykanok, Gyrgyzystanda 2010-njy ýylyň aprel aýynyň başynda bolan gozgalaňdan soň KGB-ä çagyryldym. Nämemişin, käbir adamlaryň ýanynda 'ýalňyş gürrüň' edenmişim. Ähli jikme-jikligi aýdyp oturmaýyn, iki sany ofiser ara alyp, birsalym 'etimi çişe düzdi'. Olar esasan şol bir soragy gaýtalaýardylar: 'Sen näme, gül ýaly asuda ýurdumyzda goh-galmagal turmagyny, reňkli rewolýusiýa bolmagyny isleýärmiň?' Elbetde, men 'ýok, reňkli rewolýusiýa islämok' diýip, ant içip, awy ýaladym. Sebäbi isleýän diýsem, nireden çykjagymy ýa çykmajagymy gowy bilýärdim. Herhalda ynandylar ýa-da ynanan boldular. KGB-niň demikdiriji binasyndan çykyp, açyk howadan alan ilkinji demim hudaý tarapyn peşgeş berlen ikinji ömür bolup göründi. Gaýdyp, eger şu ýurtda ýaşasam, adamyň ýanynda agzymy açmaryn, ýa-da, ýalançy taňrynyň duşmany bolsa-da, diňe ýalan sözlärin diýdim. 'Günüm üçin günimiň oglanyny üwrärin' diýip, obadaky goňşymyzyň köp gaýtalan sözleri ýadyma düşdi. Ol pahyr önelgesiz bolup, otuzynjy ýyllarda, bolşewik adamsy işikde, daşarda ýatyrka atylyp öldürilmezden öň, onuň ikinji aýalynyň çagalaryna seredipir. Biziňki hem şol, bolşewikleriň kesbini dowam etdirýän talaňçylaryň çagalaryna guwanyp ýaşamaly diýdim. Emma içimde aýdylmadyk, emma aýdasym gelen bir zatlar galdy. Dogrusy, gorkymdan onuň nämedigini hem bilip bilmedim. Ýöne şu gün, sosial ulgamlarda paýlaşylan bir tekstjigiň üstünden gelip, öz agzymdan çykmadyk sözleri tapan ýaly boldum. Gysgajyk bolansoň, ol teksti dolulygyna getirýärin. 'Sorag: - Siz näme, reňkli rewolýusiýa isleýärsiňizmi? Beýlekisi jogap berýär: - Ýok, aýdýanyňyz näme? Men diýdimzorluk, gulçulyk, has köp ogurlyk we gije-gündiz ýalan sözlenmegini isleýärin.' Ýöne men ol wagt, dişimiň aňyrsynda galyp, sözlem bolmaga, aýdylmaga ýaraman ölmedik hem bolsa, beýle gürrüň edip biljek däldim. Birinjiden, meniň bilen gürleşen ofiserleriň oňa nähili düşünjekleri belli däldi, ikinjiden – men gaty gorkýardym..."