Adam we statistika

Adam aýtdy:

"Adam bir zat aýdanda faktlara, statistika salgylanmaly. Ýöne faktlar, statistiki maglumatlar hem her hili bolup bilýär. Mysal üçin, rus milliarderi Oleg Deripaska öz telegram kanalynda Rosstatyň sanlarynyň ygtybarly däldigini aýdypdyr. Ýöne birazdan öňki aýdan zatlaryny öçürip, Wladimir Putini öwmeli bolupdyr. Ýogsa ol birinji ýazgysynda Rosstatyň geçen ýyl ýaşaýyş minimumyndan az girdeji alan orsýetlileriň sany barada çap eden maglumaty (17,8 mln adam) bilen ylalaşmandyr. Onuň sözlerine görä, Orsýetde ýaşaýyş minimumyndan az girdeji alýan adamlaryň sany takmynan 80 milliona ýetýär. Deripaska ýurtdaky garyplykdan esasan kagyz ýüzünde üstün çykylýandygyny aýdypdyr. Elbetde, onuň öňki aýdanlaryna ýa soňky aýdanlaryna ynanmak, ýa başgarak bir maglumat gözlemek, ýa-da käbir ýurtlaryň çap edýän statistiki maglumatlaryna diňe ýylgyryp oňmak her kimiň öz işi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024