Öňki we häzirki din
Adam aýtdy:
"Ikinji jahan urşy ýyllarynda Norwegiýada bir ruhanyny nemes gestaposynyň başlygy çagyrypdyr. Sebäbi ol ruhany nemes goşunlaryna garşy göreşýän partizan toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýän eken. Gestapo başlygy ruhanyny güman edilýänleri sorag edýän demir oturgyjynda oturdyp, onuň garşysyndaky oturgyja geçip, bilindäki sapançasyny stoluň üstünde goýupdyr. Ruhany hem goltugyndan ýany bilen göterýän injilini çykaryp, stoluň üstünde goýupdyr. Nemes ofiseri gözüni alardyp, 'bu neme etdigiň?' diýip sorapdyr. Ruhany: 'Sen öz ýaragyňy çykaryp, ortada goýaňsoň, menem öz ýaragymy çykaryp, ortada goýdum' diýipdir. Bu gürrüňi eşidip, diniň, ynanjyň bir zaman adam öldürýän ýaraglaryň garşysynda ýarag hasaplanandygy barada pikir etdim. Haýp, indi din we dindarlar köplenç basybalyjy häkimiýetleriň, ýaragly adamlaryň elinde ýarag bolup hyzmat edýär."
12.04.2021.