Totalitarizmi ýykýan ýönekeý taktika
Adam aýtdy:
"1980-nji ýyllaryň aýagynda, 90-njy ýyllaryň başynda SSKP MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy bolan A.N.Ýakowlewiň bir pikiriniň üstünden geldim. Ol şeýle diýipdir: 'Sowet totalitar režimini diňe aç-açanlyk we partiýanyň totalitar tertip-düzgüni arkaly, şol bir wagtda-da sosializmi kämilleşdirmek baradaky gürrüňlere bukulyp ýykmak mümkindi... Yza seredip, bu ýeser, ýöne örän ýönekeý taktikanyň - totalitarizmiň mehanizmleriniň totalitar ulgama garşy gowy işländigini buýsanç bilen aýdyp biljek.' Bu, belki, bizde hem şeýle bolar. Totalitar režimiň totalitar düzgünleri ozaly özüne garşy işleýär, häkimiýetler bu meselede hiç kömege mätäç däl. Ezijileriň bu tagallasynyň üstüni näçe kän aç-açanlyk, halka dogry-dürs ýa başgaça maglumat bermek bilen ýetirip bolsa, hiç bir totalitar dolandyryş uzak saklanmaz."