Aladaly agzybirlik

Adam aýtdy:

"Ruslar soňky döwürde Stalin bilen Wowanyň dolandyryşyndaky meňzeşliklere köp üns berýärler. Düýn biri Staliniň öz egindeşlerini ýeke-ýeke atdyrmazdan öň satyn alandygyny, özem edil neşe gaçakçysy ýaly hereket edendigini, bolşewikleri öz harydynyň üstüne ussatlarda çökerendigini ýazypdyr. Onuň pikiriçe, Staliniň harydy azyk bolçulygyndan, giň jaýlardan, awtoulaglardan, daçalardan we sanatoriýa orunlaryndan ybaratdy. Öz jar eden bolşewik etikalarynyň asketizm, salyhatly bolmak, açgöz bolmazlyk, mal-dünýä kowalaşmazlyk ýörelgelerine ters geýändigini bilselerem, olar bu zatlaryň ählisini başarnykly dolandyryjydan alýardylar we barha nebisleri otugýardy. Netijede olar soň ýeke-ýekelikde özleriniň Koba tarapyndan berlen zatlara, mal-mülke bulaşyp galandyklaryny we onuň özlerine islendik wagt günä ýöňkäp biljekdigini görýärler. Indi rus kärdeşlerim Wowanyň hem edil şu oýny gaýtalaýandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, hiç bir Şoýgu häzir öňe çykyp: 'Bagyşlaň, men indiden beýläk bu işi edip biljek däl, men Ukraina garşy söweşmek islemeýärin, men öz oglanlarymyzyň Siriýada öldürilmegini ýa-da, kellelerini pil bilen goparyp, siriýalylary öldürmegini islemeýärin, men öz ýigitlerimiziň rus raýatlaryny harby zäher bilen zäherlemeklerini, türmede gynamaklaryny hem islemeýärin" diýip, açyk aýdyp bilmez. Sebäbi derrew sessiz soraglaryň berilmegi mümkin, 'bagyşlaň, siz nirede ýaşaýarsyňyz? Ýaşaýyş meýdanyňyz näçe kwadrat? Goşaryňyzdaky sagadyň bahasy näçe?' Ine saňa soňsuz agzybirlik. Ýöne rus emeldarlary biziňkiler ýaly dyza çöküp, dünýä göz bolmaýarlar, köplenç uzagrak saklanýarlar. Biziň Baky beýigimiz öz egindeşlerini mal-dünýe, awtoulag, jaý, oýnaş bolçulygyna batyryp, soň olardan gorkup başlardy we derrew 'itden çykardardy'. Megerem şu sebäpden, ol ir gitdi. Dogry, ikinji Beýik hem täze agzybirlik döretmedi, köneden gelýän agzybirligi dowam etdirdi. Ýöne olam Wowaça ýok, sebäbi öz guran agzybirligine ynanyp bilmän, töweregini çalt-çaltdan arassalaýar. Görnüşinden, ýanyna baryp, esasy zady alyp bilmedikler hökman kellesini gidermeli. Bu oýun ahyrynda täze gelýänleriň ýeňşi bilen gutarmaly we täze agzybirlik gurulmaly. Öňki agzybirligiň möwritiniň geçýänini hem köşkdäki, hem il içindäki ýagdaýlardan görmek we çen etmek indi beýle kyn däl."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024